“Zalym: Baky” fentezi-mýuzikliniň ahyrky treýleri çykdy

  • 26.09.2025 19:52
  • 2.4k+

Universal studiýasy “Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) mýuzikliniň ahyrky treýlerini görkezdi. Film geçen ýylky “Günbataryň jadygöýi barada ertekiniň” (Сказка о ведьме Запада) dowamy bolar we 21-nji noýabrda halkara prokata çykar.

Filmde baş keşpleri ýene-de “Oskar” baýragyna dalaşgärler Sintiýa Eriwo we Ariana Grande ýerine ýetirdi. Wakanyň üns merkezinde öz jadygöýlik ukyby sebäpli Oz ýurdundan kowulýan ýaşyl jadygöý Elfaba (Eriwo) durýar. Ol häkimiýetden gizlenmeli bolýar, onuň jorasy Glinda (Grande) bolsa ýaşaýjylaryň arasynda abraýdan peýdalanýar.
Filmi birinji bölümiň üstünde işlän režissýor Jon M.Çu düşürdi. Aktýorlar düzümine Jonatan Beýli, Mişel Ýeo we Jeff Goldblýum hem girdi.
“Zalym” Gregori Maguaýryň 1995-nji ýyldaky romanyna we 2003-nji ýyldaky adybir brodweý mýuzikline esaslanýar. Hekaýat L.Frenk Baumyň “Oz ýurdunyň jadygöýi” filminiň özboluşly prikwelidir. Birinji film dünýä prokatynda 756 mln dollar gazandy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....