5.4k+

Günorta Afrika Respublikasynda adamsyna aýalynyň familiýasyna geçmäge rugsat berildi

Günorta Afrikanyň kazyýeti adamsyna aýalynyň familiýasyny almagy gadagan edýän kanuny ýatyrdy diýip, BBC neşiri habar berýär. Bu kanuna täzeden garalmagyna iki är-aýalyň talap arzalary sebäp boldy. Genri wan der Merwe aýaly Ýana Ýordanyň familiýasyny almak isledi, Andreas Bornman bolsa familiýasyny aýaly Jess Donneliniň familiýasynyň bir bölegini öz içine alýan goşa familiýa üýtgetmek isledi...

1.4k+

Shell elektromobillere 10 minutda zarýad berjek tehnologiýany oýlap tapdy

Elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş tehnologiýalary dürli ugurlar boýunça ösýär. Kuwwatly zarýad beriş stansiýalaryndan başga-da, batareýany dolandyrmak ulgamlary uly ähmiýete eýe. Shell kompaniýasy RML Group bilen bilelikde göwrümi 34 kWt bolan synag batareýasyny 10 minutda 10%-den 80%-e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýän EV-Plus sowadyjy suwuklygyny işläp taýýarlady...

2.6k+

Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär

Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar...

2.5k+

Apple bahar paslyna çenli ýene-de on sany täze önüm çykarar

Ýakynda geçirilen tanyşdyryşdan soň, Apple 2026-njy ýylyň ýazyna çenli ýene-de on sany täze önüm çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloombergiň synçysy Mark Gurman habar berdi. Eýýäm indiki aý has güýçli M5 prosessorly we portret ugurly goşmaça kamerasy bolan täzelenen iPad Pro planşetiniň çykmagyna garaşylýar...

1.8k+

Gibridleriň we elektromobilleriň dünýädäki satuwy ýylyň başyndan bäri 25% ösdi

2025-nji ýylyň awgust aýynda dünýäde 1,7 million gibrid we elektrik ulagy satyldy. Bu geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 15% köp. Ýylyň başyndan bäri satuw 25% ýokarlandy, ýöne esasy ösüş iň uly bazarlaryň daşyndaky sebitlerde bolup geçdi diýip,  Rho Motion seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Electrek neşiri ýazýar...

4.3k+

Iň geçginli 10 smartfonyň bäşisi iPhone, dört sanysy Galaxy we birisi Xiaomi boldy

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Counterpoint analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň geçginli on smartfonyň sanawyna bäş sany Apple modeli, dört sany Samsung modeli we bir sany Xiaomi bar. Esasy iPhone 16 ikinji we üçünji orny eýelän iPhone 16 Pro Max-dan we iPhone 16 Pro-dan ozup, yzly-yzyna iki çärýek öňdebaryjy boldy...

9.6k+

Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýeriň golaýyndan 2025 FA22 asteroidi uçup geçer. Ol Aý orbitasynyň diametrinden biraz uly aralykdan geçer diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

2.9k+

“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 7,4 mln adam tomaşa etdi

CBS kanalynda 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymyna 7,4 mln adam tomaşa etdi. Bu ABC-de ýaýlyma berlen geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Şol wagt ol 2021-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara bolupdy diýip, Variety ýazýar...

17k+

Özbegistanda uly gaz ýatagynyň üsti açyldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň demirgazyk-günbatarynda – Garagalpagystanyň Üstýurt sebitinde uly gaz ýatagynyň üstüniň açylandygyny habar berdi. Muny respublikanyň Baştutanynyň metbugat gullugy ýetirýär...

2.2k+

Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda dördünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

Keniýaly ylgawçy Feýt Kipýegon ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 1500 metr aralyga ylgaw ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Tokiodaky ýaryşlarda türgen ony 3:52,15 netijesi bilen tamamlady. Kümüş medaly onuň watandaşy Dorkus Ewoý (3:53,92), bürünç medaly awstraliýaly Jessika Hall (3:55,16) aldy...

6.3k+

NesilCoffee tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär

Diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň iri kofe we kofe önümlerini öndürijileriň biri bolan NesilCoffee kompaniýasy tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär. 2017-nji ýylda esaslandyrylan NesilCoffee brendi bu günki gün kofe bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär...

3.9k+

Ilon Mask Tesla-nyň 1 milliard dollarlyk paýnamalaryny satyn aldy

Ilon Mask soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek Tesla kompaniýasynyň paýnamalaryny açyk bazardan satyn aldy. Telekeçi jemi 1 milliard dollarlyk 2,57 million paýnamany satyn aldy. Bu Teslanyň taryhynda iň uly insaýder satyn alşydyr diýip, ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasynyň (SEC) hasabatyna salgylanýan CNBC habar berýär...

5.9k+

Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar topary üçin kolleksiýa döretdi

Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar toparynyň futbolçylary üçin kolleksiýa çykardy. Bu oýunlar üçin däl-de, meýdançadan daşary resmi çäreler üçin niýetlenen eşikdir diýip, Hypebae habar berýär. Kolleksiýa klassyk kostýumlar, aýakgap, dürli aksessuarlar we el goşy girdi...

3.9k+

Netflix “Jadygöý” serialynyň dördünji möwsüminiň çykjak senesini aýdyp, tizeri hödürledi

Netflix опубликовал официальный тизер четвёртого сезона «Ведьмака» и раскрыл, что премьера состоится 30 октября 2025 года. Теперь роль главного героя Геральта вместо Генри Кавилла будет исполнять Лиам Хемсворт...

5.1k+

Watikanda meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda ilkinji pop-konsert geçirildi

12-13-nji sentýabrda Watikanda dünýäniň ähli ýerinden akyldarlaryň, şol sanda Nobel baýragynyň eýeleriniň gatnaşmagynda “adamzat doganlygy” sammiti geçirildi. Sammit gutarandan soň Keramatly Pýotryň meýdanynda Watikanyň taryhynda ilkinji Grace for the World pop-konserti geçirildi...

2.3k+

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar...

6.9k+

Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar

Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi...

1.6k+

Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy

Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar...

6.4k+

Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi

The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy. 14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy...

7.6k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

7.8k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy...