GQ Japan neşiri Hideo Kodzimany ýylyň «Iň gowy döredijisi» diýip yglan etdi

  • 30.11.2025 22:31
  • 1.9k+

GQ Japan žurnaly Hideo Kodzimany «Ýylyň adamy» (Man of the Year) nominasiýasynda 2025-nji ýylyň «Iň gowy döredijisi» diýip yglan etdi.

Neşiriň redaksiýasynyň pikirine görä, bu dörediji diňe bir oýun döretmek bilen çäklenmän, eýsem, kino we interaktiw mediýanyň arasyndaky serhetleri ýok edip, düýbünden täze görnüşli güýmenjeleri oýlap tapýar.

GQ Japan-yň beýanatynda: "Häzirki wagtda ol biziň hyýalymyzdan has ýokary bolan innowasion eserleri döredýär" diýlip bellenilýär.

Bu ýyl Hideo Kodzima Death Stranding 2: On The Beach atly dowamyny çykardy. Oýnuň wakasy Sem Brijes Amerikany doly ýykylmakdan halas edip, altynjy ýitip ýok bolmagy duruzandan birnäçe ýyl soň bolup geçýär. Oýnuň birinji böleginden soň dünýä tanap bolmajak derejede üýtgedi.
Death Stranding 2 tankytçylardan haýran galdyryjy seslenmeleri aldy.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......