Dýuplantis we Maklaflin-Lewron ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip yglan edildi

  • 01.12.2025 14:58
  • 3.2k+

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis we amerikaly ylgawçy Sidni Maklaflin-Lewron Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip ykrar edildi.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy ýekşenbe güni Monakoda geçirildi.
26 ýaşly Dýuplantis iki gezek Olimpiýa çempionydyr (2021 we 2024). 2025-nji ýylda türgen üç gezek dünýä çempiony we ýapyk binada üç gezek dünýä çempiony boldy. 2025-nji ýylda ol açyk howada (6,30 m) we ýapyk binada (6,27 m) dünýä rekordlaryny goýdy.
26 ýaşly Sidni Maklaflin-Lewronyň hasabynda Tokioda geçirilen Olimpiada-2021-iň iki altyn medaly (päsgelçilikli 400 m aralyga ylgamak we 4x400 m estafeta), şeýle-de 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Oýunlarda bellenilen dissiplinalarda iki ýeňiş bar. Şu ýyl ol Tokiodaky dünýä çempionatynda iki altyn medal gazandy. 


13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....