Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

  • 01.12.2025 14:36
  • 9.2k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde «Жаңа Қазақстан» "innowasion merkeziniň – «Bilim-orkenieti» atly milli innowasion ylmy-gözleg merkezi bilen bilelikde geçirilip, türki döwletleriň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşan goşandy üçin sylaglaýar.
Guramaçylar talyby – Kubok, döşe dakylýan nyşan, şahadatnama  we I derejeli Diplom bilen sylagladylar.
A.Janmämmedowa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarlaýar we olary üstünlikli ornaşdyrmakda oňyn netije gazanýar. Talybyň bu üstünligi ýokary derejeli jogapkärçiligi, yhlaslylygy, hünär taýdan ösüşi hem-de şahsy ygrarlylygy ykrar edýär diýlip, syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.


şu gün 09:50
3.2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......