Adam beýnisi 5 ýaş tapgyryndan geçýär: jahyllyk 32 ýaşa çenli dowam edýär

  • 01.12.2025 12:46
  • 6k+

Kembrij uniwersitetiniň neýrobiologlarynyň täze gözlegi adam beýnisiniň bäş tapgyrdan geçýändigini görkezdi. Bu tapgyrlarda neýron gurluşynyň düýpgöter üýtgemegine getirýän “özgeriş döwürleri” bolup geçýär. Şol bir wagtyň özünde, jahyllyk döwrüniň, adatça, hasap edilenden uzak dowam edýändigi bellenilýär.

Ylmy gözlegde diffuzion magnit-rezonans tomografiýasynyň maglumatlary ulanyldy. Onuň kömegi bilen alymlar dogluşdan 90 ýaşa çenli 3802 adamyň beýnisini öwrenip, dokumalardaky suw molekulalarynyň hereketini yzarlady we neýronlaryň arasyndaky baglanyşygyň nähili gurlandygyna üns berdi.

“Beýni tutuş ömrüň dowamynda üýtgeýär. Ol hemişe käbir baglanyşygy güýçlendirýär we beýlekileri gowşadýar, ýöne bu yzygiderli we deňölçegli proses däl – beýniniň gaýtadan gurluşynda üýtgemeler we tapgyrlar bar” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, doktor Aleks Mousli Bi-bi-si bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Birinji tapgyr – çagalyk – dogluş pursatyndan 9 ýaşa çenli dowam edýär. Bu döwürde beýni çalt ösüp, şol bir wagtyň özünde nerw öýjükleriniň arasyndaky artykmaç baglanyşyklary azaldýar. Bu tapgyrda beýni bellibir maksady bolmazdan seýilgähde aýlanyp ýören çaga ýaly hereket edýär we A nokatdan B nokada hereket etmegiň deregine, islän ýerine gidýär.
Indiki tapgyr – jahyllyk – dokuzdan 32 ýaşa çenli dowam edýär. Bu döwürde ak maddanyň göwrümi ulalýar, neýron baglanyşyklary bolsa has takyk we netijeli bolýar. Bu baglanyşyklaryň netijeliliginiň ösýän ýeke-täk döwrüdir. Şeýle-de, bu ýyllarda organizmiň fiziologik mümkinçilikleri iň ýokary derejesine ýetýär, ýöne şol bir wagtyň özünde-de psihiki bozulmalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligi ýokary bolýar.
32 ýaşdan iň uzak dowam edýän tapgyr – kämillik (ululyk) başlanýar. Bu durnuklylyk döwri bolup, beýni bölekleri has özbaşdak bolýar, kognitiw başarnyklaryň we şahsyýet aýratynlyklarynyň durnukly derejesi kemala gelýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu döwürde adam özboluşly “aň we şahsyýet tekizligine” çykýar.
66 ýaş töwereginde irki garrama başlaýar. Bu döwürde düýpli üýtgeşmeler ýok, ýöne beýni torunyň gurluşynyň täze ulgamy görnüp başlaýar. Ak maddanyň gowşap başlamagy sebäpli, beýni bir bitewi sazlaşykly organ ýaly işlemegiň deregine biri-biri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan aýry-aýry böleklere bölünýär. Bu öz solo taslamalary bilen meşgullanmak kararyna gelen bir aýdym-saz toparynyň agzalary ýalydyr.
Hut bu ýaşda, adatça, beýniniň ýagdaýyna täsir edýän demensiýa we ýokary basyş peýda bolýar.
Ahyrky tapgyr – giçki garrama – 83 ýaşdan soň başlaýar. Umumy baglanyşyk peselmegini dowam etdirýär, agram beýniniň aýry-aýry böleklerine düşýär. Irki garrama getirýän üýtgeşmeler has görnetin bolup başlaýar.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, şeýle maglumatlar psihiki bozulmalaryň we demensiýanyň mehanizmlerine has gowy düşünmäge kömek eder.
Alymlar toparynyň netijeleri Nature Communications žurnalynda neşir edildi.


düýn 14:17
2.7k+

Ikiýüzlülik — häsiýet däl-de, biologiýadyr: aýdylýan sözler bilen edilýän işleriň tapawudy beýniden tapyldy

Adamyň ahlak garaýşy bilen onuň edýän işleriniň arasyndaky çaprazlygyň sebäbi beýniniň wentromedial prefrental gabygy diýlip atlandyrylýan böleginiň işjeňlik derejesine bagly bolup çykdy. Neýrobiologlaryň bu......

10.04.2026 00:01
2.7k+

Alymlar ýabany balarylaryň abstrakt ritm duýgusynyň bardygyny subut etdiler

Hytaýly, beýik britaniýaly we awstraliýaly biologlar ýabany balarylaryň ritmiki üýtgese-de, çylşyrymly ritmik patternleri tanamak ukybynyň bardygyny anykladylar diýip, Science žurnaly habar berýär....

07.04.2026 15:21
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli ýaşaýjylaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we bu halkara baýramçylygyň jemgyýetiň agzybirligini berkitmekdäki hem-de sagdyn durmuş......

06.04.2026 11:01
3.3k+

Ýaşaýşyň “kerpiçjikleri”: Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda genetiki koduň ähli elementleri tapyldy

Alymlar Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda DNK-ny we RNK-ny emele getirýän maddalaryň bäşisini hem tapdylar. Bu açyş ýaşaýyşyň ähli "gurluşyk bölekleriniň" kosmosda emele gelmek bilen, Ýere düşendigi......