ABŞ-da 74 ýaşly adam ogullyga alyndy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 30.11.2025 21:19
  • 9.1k+

Ginnesiň rekordlar kitaby ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndan bolan Bill Steýns baradaky täsin wakany gürrüň berýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol dünýäde ogullyga alnan iň garry adam boldy — ogullyga alnan wagtynda ol 74 ýaş we 303 günlükdi.

Bu adamyň biologiki ene-atasy 2003-nji ýylda aradan çykypdyr. Ogullyga alynmazdan öň, ol Raýan we Jessika Fiskus bilen köp ýyl bäri tanyşdy: ol Raýanyň beýsbol tälimçisi we emin bolupdy.

"Men Billi özümi tanalym bäri tanaýaryn" diýip, Raýan gürrüň berýär. Ol Billi "ähli zada yhlasly we töweregindäkileriň hemmesine wepaly adam" diýip häsiýetlendirýär.

Jessika we Raýan Billi öz dostlary bilen tanyşdyrdylar. Olaryň üçüsi wagtlaryny hemişe bile geçirýärdiler, bingo oýnaýardylar we motosikl sürýärdiler. Şeýle hem, olar weteranlara kömek edýän ýerli haýyr-sahawat guramasynda meýletinçi bolup işleýärdiler. Bill onuň doly hukukly agzasy bolup bilmedi, sebäbi onuň ýakyn maşgala agzalarynyň hiç biri harby gullukda bolmandyr.

"Men bir gezek degşip, biziň üçin galan ýeke-täk ýoluň ony ogullyga almakdygyny aýtdym" - diýip, Raýan ýatlaýar. "Hawa, görnüşine görä, biz dogrudanam şeýtmeli boljak!" diýip, Bill derrew razylaşdy.

Jessika ogullyga almagyň olary has ýakynlaşdyrandygyny aýtdy: "Biz ony öz oglumyz hökmünde doly kabul edýäris we oňa beýleki çagalarymyza garaýşymyz ýaly garaýarys. Ol çaga bolmasa-da, biz ony öz balamyz ýaly söýýäris".


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......