“Haýwanlar şäheri 2” dünýä prokatynda ilkinji uikendde 500 mln dollardan gowrak gazandy

  • 01.12.2025 11:25
  • 4.2k+

26-njy noýabrda çykan Disney studiýasynyň “Haýwanlar şäheri 2” animasion filmi dünýä prokatynda başlangyç kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Multfilm 556 mln dollar ýygnady. ABC News-iň maglumatlaryna görä, bu taryhda ähli multfilmleriň arasynda iň gowy we islendik žanrdaky filmleriň arasynda dördünji netije boldy.

Demirgazyk Amerikada ilkinji uikendde multfilm 96 mln dollar, bäş günlük Minnetdarlyk güni döwründe bolsa 156 mln dollar gazandy. Animasion filmiň çarşenbe güni çykany bäri dünýädäki umumy kassa ýygymy 556 mln dollara ýetdi.
Deadline neşiri prokatyň başynda ondan ýokary netijäni diňe 1,2 mlrd dollar bilen “Ar alyjylar: Final”, 640 mln dollar bilen “Ar alyjylar: Bakylyk urşy” we 600,5 mln dollar bilen “Möý adam: Öýe ýol ýok” filmleriniň görkezendigini belleýär.
Hytaýda multfilm prokatyň ilkinji gününde 100 mln dollar ýygnap, Golliwud filmleri üçin rekord goýdy. Ozal bu görkeziji boýunça bir günde 97,5 mln dollar ýygnan “Ar alyjylar: Final” öňde barýardy.
Şeýle-de, prokatda “Zalym. Bölüm 2” filmi hem saklandy. Ol ikinji uikendde Demirgazyk Amerikada 62,8 mln dollar ýygnap, umumy kassa ýygymyny 393 mln dollara ýetirdi. 


şu gün 14:01
4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

şu gün 10:59
4.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

düýn 08:04
8.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

düýn 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....