Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares

  • 30.11.2025 21:35
  • 10k+

"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler.
Eger "Barselona" maliýe feýr-pleýiň düzgünlerini berjaý etmegi başarsa, goragçy transferi zerur bolan halatynda, 2026-njy ýylyň gyşynda amala aşyrylyp bilner. Bu pozisiýa göz öňünde tutulýan dalaşgärleriň arasynda Mark Gehi ("Kristal Pelas"), Gonsalu Inasiu ("Sporting"), Murilo ("Nottingem Forest"), Niko Şlotterbek ("Borussiýa” Dortmund) we Luis Benedetti ("Palmeýras") bar.
Merkezi hüjümçi hem ileri tutulýan pozisiýa bolup durýar, sebäbi Robert Lewandowskiniň şertnamasynyň möhleti tamamlanýar. Şeýle hem klub Hulian Alwaresi ("Atletiko"), Garri Keýni ("Bawariýa") we Erling Holandy ("Mançester Siti") göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, "Barselona" Rafinýanyň Saud Arabystanyna gitmeginiň mümkindigini göz öňünde tutup, flanglardaky ýerlerini güýçlendirmäge çalyşýar. Dalaşgärleriň arasynda Markus Raşford (“Mançester Ýunaýted”) hem bar, onuň satyn alma şerti €30 million diýlip habar berilýär, emma soňky karar onuň möwsümiň galan böleginde görkezjek oýnuna bagly bolar. Şeýle hem, klub "Milan" toparynyň portugaliýaly oýunçysy Rafaela Leaony göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda "Barselona" La Ligada birinji orny we Çempionlar Ligasynda bolsa 18-nji orny eýeleýär.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
5.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....