Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlarynyň" döredijilerini plagiatda aýyplady

  • 30.11.2025 21:08
  • 3.3k+

Režissýor Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlary" (The Hunger Games) franşizasynyň 1999-njy ýylda çykan "Şa söweşi" (Battle Royale) atly ýapon romanyndan we onuň film adaptasiýasyndan göçürilip alnandygyny (plagiatdygyny) öňe sürdi diýip, "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär.

Onuň pikirine görä, Kosýun Takaminiň kitabynyň ýordumy "Açlyk oýunlarynyň" awtory Sýuzanna Kollins tarapyndan tutuşlygyna diýen ýaly sözme-söz göçürilipdir. Tarantino ýazyjynyň ogurlan pikirleri üçin näme üçindir entegem kazyýet jogapkärçiligine çekilmändigine geň galýandygyny aýtdy.

"Olar kitabyň tutuş manysyny ogurlapdyrlar. Akmak kitap tankytçylary 'Şa söweşi' ýapon filmini görmändirler, şonuň üçin hem munuň üsti açylman galypdyr. Filmi gören kino tankytçylary bolsa: 'Bu edil Şa söweşidä!' diýdiler" diýip, režissýor düşündirdi.

Şeýle hem, ol "Şa söweşini" iň söýgüli filmleriniň hataryna goşdy.
Iki eseriň arasyndaky meňzeşlikler baradaky gürrüňler baryp 2012-nji ýylda, "Açlyk oýunlary" franşizasynyň ilkinji filmi çykanda başlady. "Şa söweşi" Ýaponiýadaky antiutopik geljek barada gürrüň berýär, bu ýerde mekdep okuwçylarynyň topary howply diri galmak oýnuna gatnaşmaga mejbur edilýär. "Açlyk oýunlarynyň" mazmuny hem şuňa meňzeş wakanyň töwereginde aýlanýar: Panem atly toslanyp tapylan ýurtda ýetginjekler ölüm howply söweşe gatnaşmak üçin tötänden saýlanyp alynýar. Awtory Sýuzanna Kollins başda munuň plagiatdygyny ret etdi. Ýazyjy zenan "Şa söweşi" ýapon eseriniň ýordumy bilen tanyş däldigini we "Açlyk oýunlarynyň" üstünde işleýärkä kitaby okamakdan ýüz öwrendigini aýtdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....