Birnäçe prikwelden soň, “Tagtlaryň oýnunyň” indi dowamy çykarylar

  • 01.12.2025 14:24
  • 8k+

“Tagtlaryň oýny” serialynyň asyl wakasy dowam etdiriler. Muny Reýkýawikde geçirilen Iceland Noir edebiýat festiwalynda ýazyjy Jorj R.R.Martin tassyklady. HBO teleýaýlymy häzir meşhur serialyň dowamyny döretmegiň üstünde işleýär. Ozal franşizanyň diňe prikwelleri çykarylypdy.

Meşhur seriýanyň awtory häzirki wagtda “bäş ýa-da alty” spin-off taslamasynyň işlenip taýýarlanýandygyny aýtdy. “Olaryň köpüsi – prikwel, ýöne sikwel hem bar” – diýip, ýazyjy belledi. HBO sekizinji möwsümiň finalyndan soň ykballary näbelli bolup galan gahrymanlara gaýdyp gelmek isleýär.
Muşdaklary, aýratynam, Arýa Stark we Jon Snou baradaky taslamalar has gyzyklandyrýar. Arýany oýnan aktrisa Meýsi Uilýams ozal ssenariý şowly bolan ýagdaýynda öz roluna dolanjakdygyny aýdypdy.
2026-njy ýylda “Ýedi şalygyň rysary” ady bilen köp bölümli spin-offuň, şeýle-de “Aždarhanyň öýüniň” üçünji möwsüminiň çykmagyna garaşylýar.
Jorj R.R.Martin haýsy gahrymanlaryň sikwellerde peýda boljakdygyny we taslamalaryň ekrana haçan çykjakdygyny aýtmady. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....