UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy

  • 01.12.2025 11:50
  • 7.1k+

UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, klub käbir janköýerleriň jynsparazlyk we kemsitme hereketleri sebäpli günäkärlenýär. “Atletiko” 30 müň ýewro möçberde jerime we Çempionlar ligasynyň bir oýnuna myhman peteklerini satmaga şertli gadaganlyk aldy. Jeza bir ýylyň dowamynda hereket eder: eger şeýle ýagdaýlar gaýtalansa, sanksiýa awtomatik ýagdaýda güýje girer. Şeýle-de, kluba meýdança predmet zyňlandygy üçin ýene 10 müň ýewro möçberde jerime salyndy.
Duýduryşlara garamazdan, janköýerler topary 9-njy dekabrda “PSW” we 21-nji ýanwarda “Galatasaraý” bilen myhmançylykda geçiriljek oýunlarda goldap biler. Ýöne islendik täze düzgün bozmalar sanksiýanyň doly ýerine ýetirilmegine getirer. 


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....