Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 02.12.2025 09:47
  • 7.1k+

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy işleri wagtynda geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy we bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, welaýatlarda täze ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, şüdügär sürüminiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilişine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işleri geçirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak üçin häzirden zerur işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek tabşyryldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......