Werstappen Kataryň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, şahsy sanawda ikinji orna çykdy. Hemme zat soňky tapgyrda belli bolar

  • 01.12.2025 06:38
  • 1.8k+

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1-iň” Kataryň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy we yzygider bäşinji gezek dünýä çempiony titulyny gazanmak mümkinçiligini saklady.

Werstappen häzirki möwsümde ýedinji Gran-prisini utdy. Ýaryşda ikinji bolup pellehana “Maklareniň” awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri geldi. Üçlügi “Uilýamsdan” ispaniýaly Karlos Saýns jemledi. Şahsy sanawda öňde barýan “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris dördünji orny eýeledi. Ýaryşy bäşinji orunda “Mersedesiň” sürüjisi Andrea Kimi Antonelli tamamlady.
Ýaryşyň netijesi boýunça, Werstappen 2025-nji ýylyň çempionatynyň soňky tapgyryndan öň “Formula-1-iň” şahsy sanawynda Oskar Piastriden öňe geçip, ikinji orny eýeledi. Onuň hasabynda 396 utuk, Piastride bolsa 392 utuk bar. Lando Norris 408 utuk bilen birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Sürüjileriň üçüsi-de çempion bolmak mümkinçiligini saklaýar.
Şeýle-de, Kataryň Gran-prisi Norris üçin karýerasynda 151-nji boldy. Ol şotlandiýaly Dewid Kultharddan öňe geçip, Gran-prilere gatnaşmak boýunça toparyň rekord eýesi boldy.
Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden ir ýeňiş gazanan “Maklareniň” hasabynda 800 utuk bar. Onuň yzyndan ilkinji bäşlikde “Mersedes” (459), “Red Bull” (426), “Ferrari” (382) we “Uilýams” (137) gelýär.
2025-nji ýylyň “Formula-1” çempionatynyň jemleýji, 24-nji tapgyry 5 – 7-nji dekabrda Abu-Dabide geçiriler. 


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......