Dünýäde iň kiçi at Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 30.11.2025 19:41
  • 10k+

Pumukel atly at dünýäniň iň kiçi aty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň geriş beýikligi bary-ýogy 52,6 santimetr.

Pumukel Germaniýadaky bir fermada ýaşaýar. Onuň eýesi Karol Waýdmann atyny bäş ýyl mundan ozal, ol entek kiçijik taýçanakka özüne aldy. Pumukel barada oňa ippoterapiýa üçin at gözleýän bir dosty gürrüň berdi.

"Gelip, ony görüp geň galdym. Men öň hiç wagt beýle kiçi aty görmändim" - diýip, ol gürrüň berdi.
Duşuşyk 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy. "Şol wagt ol bary-ýogy bäş aýlykdy, we ynanýaňyzmy ýa-da ýok, onuň boýy bary-ýogy 47 santimetrdi we meniň pikirimçe, onuň agramy 20 kilograma-da ýetenokdy" - diýip, Karol gürrüňini dowam etdi.

Eýesiniň aýtmagyna görä, Pumukel bilgeşleýin kiçi ýetişdirilmändir — onuň kiçi ölçegi diňe tebigatyň geň bir täsinligi bolupdyr.
Poni terapiýa aty hökmünde tälim berilýär we yzygiderli garrylar öýlerine, hospislere, mekdeplere we maýyplygy bolan adamlaryň edaralaryna barýar. "Onuň örän mähirli häsiýeti bar. Ol çagalar bilen gowy oňuşýar, endamyny darap berseler we gujaklasalar gowy görýär. Pumukel üns merkezinde bolmagy halaýar" diýip, Waýdman gürrüň berýär.
Pumukeliň geriş beýikligi öňki rekordyň eýesi polşaly Bombel poni atyndan (56,7 santimetr) 4 santimetrden gowrak gysgadyr.


düýn 10:46
2.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....