Amerikaly alyjylar “gara anna gününde” çykdajy etmek boýunça täze rekord goýdular

  • 01.12.2025 17:25
  • 5.5k+

ABŞ-nyň ýaşaýjylary “gara anna gününde” – 28-nji noýabrda onlaýn söwdalar üçin rekord 11,8 mlrd dollar sarp etdi. Bu geçen ýylkydan 9,1% köpdür. Bu barada internet dükanlarynyň maglumatlaryny yzarlaýan Adobe Analytics-e salgylanyp, Reuters habar berýär.

Salesforce kompaniýasy iň köp isleg bildirilen haryt kategoriýalarynyň egin-eşik we aksessuar bolandygyny belleýär. Maglumatlara görä, “garra anna güni” hepdesiniň dowamynda dükanlara baran adamlaryň sany öňki hepde bilen deňeşdirilende tas 57% ýokarlandy.
Adobe-yň çaklamalary boýunça, duşenbe güni elektron söwdada ABŞ-da alyjylar ýene, takmynan, 14,2 mlrd dollar sarp eder we bu hem nobatdaky rekord bolar.
Milli bölek söwda federasiýasynyň hasaplamasy boýunça, noýabrdan dekabr aralygyndaky baýramçylyk möwsüminde amerikaly alyjylar ilkinji gezek 1 trln dollardan gowrak sarp eder. Ýöne çykdajylaryň ösüş depgini haýallaýar: ol ýyllyk hasabynda 3,7%-den 4,2%-e çenli bolar, 2024-nji ýylyň baýramçylyk möwsüminde ol 4,3% bolupdy.
Bellemeli ýeri, şu ýyl arzanladyşlaryň başlanmagy ABŞ tarapyndan köp import harytlaryna gümrük paçlarynyň girizilmegi sebäpli ýüze çykan ykdysady kesgitsizlik döwri bilen gabat geldi. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu hem dükanlar, hem sarp edijiler üçin çykdajylaryň ýokarlanmagyna getirdi. 


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......