Belgiýaly ýeňil atletikaçy adamkärçilikli hereketi üçin baýrak aldy

  • 02.12.2025 09:29
  • 9k+

Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy.

Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy. Tim Wan de Welde muny görüp, yzyna dolandy we garşydaşyna aýak üstüne galmaga kömek etdi. Soň olar iki bolup pellehana ýetdi.
Ýeňil atletikaçy şeýle hereketi üçin diskwalifikasiýa edilip biljekdigini bilýärdi, ýöne adalatly oýun düzgünlerine laýyk hereket etmegi makul bildi.

“Bu pursat barada näçe köp ýatladygymça, şonça-da başgaça hereket edip bilmejekdigime has gowy düşünýärin. Iki ýyl mundan ozal rekordlar barada pikir edýärdim. Indi adamkärçilik barada pikirlenmegiň wagty geldi. Ýöne, dogrusy, men bu hereketim şeýle ünsi çeker diýip pikir etmändim. Meniň üçin bu tebigy bir zatdy” – diýip, Tim Wan de Welde aýtdy.

“Biz buýsanç bilen bu baýragy Tim Wan de Weldä berýäris. Onuň hoşniýetli hereketi ähli garaşylanlardan ýokary boldy. Ol rehimdarlygyň netijelerden has ýokarydygy barada güýçli we täsirli ýatlatma öwrüldi” – diýip, Halkara feýr pleý komitetiniň prezidenti Sunil Sabharwal belledi.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....