Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň reýtinginde Tokiodan öňe geçdi

  • 01.12.2025 12:11
  • 4.6k+

Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri bolup, Tokiony birinji orundan gysyp çykardy. Indoneziýanyň paýtagtynda 42 mln adam ýaşaýar, bu bolsa beýleki şäherleriň görkezijilerinden köpdür diýip, BMG-niň soňky gözlegine salgylanyp, The Guardian habar berýär.

Reýtingde ikinji orny 37 mln adam bilen Bangladeşiň paýtagty Dakka eýeledi. Gözlegde üç goňşy prefektura bilen bir sebit hökmünde görülýän Tokio 33 mln ýaşaýjy bilen üçünji orunda ýerleşdi. Orunlaryň şeýle paýlanyşy BMG-niň 2018-nji ýyldaky hasabatyndan düýpli tapawutlanýar. Şol wagt ýapon paýtagty 37 mln bilen öňdebaryjy bolupdy.
Şäherleriň tertibindäki üýtgemeler şäher, şäherçe we oba ýerleriniň bir umumy klassifikasiýasyny üpjün edýän täze hasaplama usulynyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Maglumatlar şäherleşmegiň okgunly depginde ösýändigini görkezýär: şäher ýaşaýjylarynyň sany 1950-nji ýyldan bäri iki esseden gowrak ýokarlandy. Olar şol wagt Ýeriň 2,5 mlrd ilatynyň 20%-ini emele getirýän bolsa, häzir şäher ýaşaýjylary planetanyň 8,2 mlrd ýaşaýjysynyň tas ýarysyny düzýär.
Dünýäniň iň gür ilatly 10 şäherinden dokuzysy Aziýada ýerleşýär: bu Jakarta, Dakka, Tokio, Nýu-Deli, Şanhaý, Guançžou, Kair, Manila, Kalkutta we Seul. 


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

24.03.2026 19:24
2k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...