Mercedes-Benz we Starbucks ilkinji bilelikdäki tiz zarýad stansiýasyny açdy

  • 01.12.2025 12:13
  • 1.8k+

Mercedes-Benz High-Power Charging we Starbucks resmi taýdan elektromobiller üçin ilkinji bilelikdäki tiz zarýad beriş stansiýasyny açdy. Ol Kaliforniýanyň Red-Blaff şäherindäki Interstate 5 (I-5) awtomagistralynda ýerleşýär.

Mercedes-Benz-iň 400 kWt kuwwatly zarýad enjamlary elektromobiliň modeline baglylykda bary-ýogy 10 minutda 300 mile çenli (takmynan 480 km) ýol ätiýajyny goşup bilýär. Her bir zarýad beriji  NACS (Tesla) we CCS standartly konnektorlary bolan kabeller bilen üpjün edildi, bu hem olary ähli modeller üçin diýen ýaly ulanmaga mümkinçilik berýär.
I-5 awtomagistraly Birleşen Ştatlaryň günbatar kenarynda demirgazykdan günorta esasy ştatara ýol hasaplanýar. Ol Meksikadan Kanada çenli ABŞ-nyň kontinent böleginiň Ýuwaş umman kenary bilen parallel uzalyp gidýär.
Mercedes-Benz HPC ilkinji gezek Starbucks kofehanalarynda zarýad beriş stansiýalaryny gurmak meýilnamalary barada 2024-nji ýylyň iýulynda mälim etdi. Geljekde Mercedes tiz zarýad beriş stansiýasyny tutuş Amerika boýunça 100 sany Starbucks-da gurnamagy meýilleşdirýär.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, Mercedes-Benz HPC ABŞ-da 150-den gowrak tiz zarýad beriş stansiýasyny işe girizdi.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......