1.9k+

Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar...

4.5k+

Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar...

2.4k+

Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar

Lego 1971-nji ýylda çykarylan «Willi Wonka we şokolad fabrigy» filminiň esasynda täze konstruktoryň çykarylýandygyny mälim etdi diýip, HypeBeast habar berýär. Toplum 2025 sany detal bilen düzülip, şokolad şaglawugyny we derýany ýygnamaga mümkinçilik berýär...

2.9k+

Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer

Warner Bros. Pictures kompaniýasy basketbolçy Kobi Braýant hakynda film taýýarlamaga girişýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, studiýa onuň durmuşy barada ýazylan deslapky ssenarini satyn alypdy. Filmiň wakalary hakyky durmuş wakalaryna esaslanýar...

1.2k+

OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär...

5.9k+

Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar. Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy...

10k+

Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy

Müsür häkimiýetleri Aleksandriýanyň golaýynda Abu-Kir aýlagynda ýerleşen suwa giden gadymy şäheriň böleklerini gury ýere çykardy diýip, The Guardian habar berýär. Bu Müsüri tas 300 ýyl dolandyran Ptolemeý nesilşalygynyň dolandyran we 600 ýyl töweregi ýurdy dolandyran Rim imperiýasynyň döwründe möhüm merkeze öwrülen Kanopus şäheri hasaplanýar...

5.3k+

Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy

Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi...

4.7k+

Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi

Jeep kompaniýasy ABŞ-da birnäçe ýyl çykarylmadyk täze, altynjy nesil Cherokee krossowerini resmi taýdan hödürledi. Ulag has uly we giň boldy hem-de täze daşky keşbe, salona eýe boldy. Ilkibaşda model üç hereketlendirijili gibrid ulgam bilen elýeterli bolar, ýöne kompaniýa geljekde başga görnüşleri hem çykarmagy wada berýär...

5.5k+

Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi

Angliýadaky Bolton muzeýinde ýaşy 2000 ýyl töweregi bolan ýüpekden ýasalan başgaby dikeltmek işleri tamamlandy. Ony rimli esger geýipdir. Dünýäde şeýle görnüşli diňe üç nusga saklanyp galypdyr: biri Mançesterde, beýlekisi Florensiýada, üçünjisi bolsa Boltonda ýerleşýär diýip, muzeý habar berdi...

3.2k+

Honor içi nauşnikli simsiz syçanjygy çykardy

Honor kompaniýasy bir wagtyň özünde nauşnikler üçin zarýad gutusy bolup hyzmat edýän Select Yuewo Wireless Ear Mouse Pro simsiz syçanjygyny çykardy. Nauşniksiz syçanjygyň agramy 78 grama, onuň bilen birlikde 88 grama barabar...

11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

8k+

Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy

Ford 2026-njy ýylyň modeli üçin täze Active Base atly başlangyç wersiýany hödürläp, Explorer ulaglarynyň hataryny giňeltdi. Ol krossoweriň iň amatly bahaly görnüşi bolup, 38 330 dollardan satuwa çykarylar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň Active komplektasiýasyndan 1 720 dollar arzan...

9.2k+

Britaniýaly adam bir hepdede 55 sany "amerikan depejikleri" attraksionyna münüp Ginnesiň rekordyny goýdy

Britaniýaly Din Stouks Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy – ol bir hepdäniň içinde "amerikan depejikleri" diýlip belli bolan 55 sany attraksionlara münüpdir diýip, BBC habar berýär. Rekordçy ilkibaşda diňe Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky şeýle attraksionlara baryp görmegi maksat edinendigini, ýöne soňundan rekord goýmagy ýüregine düwendigini aýtdy...

6.1k+

Jastin Biber SKYLRK markasy bilen köçe mebellerini öndürip başlar

Jastin Biber özüniň SKYLRK atly markasynyň astynda köçe mebellerini çykarmak baradaky meýillerini mälim etdi. Aýdymçy sosial ulgamda assortimentdäki ilkinji önümiň — oturgyç-diwanyň maket suratyny paýlaşdy. Şeýle hem Biber prototipiň dörediliş tapgyrlaryndan birnäçe pursatlary görkezdi...

3.5k+

Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi

Nissan içerki ýapon bazarynda täzelenen X-Trail 2026 krossowerini görkezdi. Model çykmaga taýýarlanýan Toyota RAV4 (XA60) we Harrier ulaglarynyň bäsdeşi hökmünde görülýär. Täze ulag iki täze wersiýa – Rock Creek we NISMO eýe boldy...

4.5k+

Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi

Nissan kompaniýasy Hytaýda «Dongfeng» konserni bilen bilelikde öndürilýän täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Täze model Teana Plus ady bilen çykarylar we şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykmagyna garaşylýar diýip, AutoHome habar berýär...

6.1k+

Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi

Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy...

16k+

Xiaomi täze Redmi Note 15 hataryny çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda Redmi Note 15 smartfon hataryny hödürledi. Oňa üç model girdi: esasy Redmi Note 15, Redmi Note 15 Pro we Redmi Note 15 Pro+. Smartfonlar öňki nesil bilen deňeşdirilende has kämil displeýlere, prosessorlara we akkumulýatorlara eýe boldy...