Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi

  • 21.01.2026 16:48
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bilermenler bu ýokary okuw mekdebiň ylmy barlaglarynyň amaly ähmiýetine ýokary baha berdiler, bu bolsa inženerçilik we ýokary tehnologiýalar babatynda öňdebaryjy barlaglaryň ösdürilendigine, ýaş alymlar üçin özboluşly ekologiki ulgamyň döredilendigine we türkmen ylmynyň abraýynyň halkara derejesinde barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
«STEM» derejesinde iň gowy 8-lige girmegi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diňe bir zehinli ýaşlary özüne çekiji merkez däl-de, eýsem, kuwwatly ylmy-barlag binýada eýedigini nygtaýar. Bu üstünlik türkmen ýokary okuw mekdebini Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Singapuryň we Gonkongyň öňdebaryjy tehnologik uniwersitetleri bilen bir hatarda goýýar.
Bu ýyl «Ýokary bilimiň Oskary» diýlip tanalýan «THE Awards Asia» baýragy üçin bäsleşik has güýçli boldy: Aziýanyň ýüzlerçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri özüne «Iň gowy» diýdirmek üçin bäsleşdi. Guramaçylara uniwersitetleriň işiniň ähli görnüşlerini öz içine alýan 10 dereje boýunça 500-den gowrak arza geldi. Ahyrsoňy, 17 ýurtdan 80 finalçy (her derejede 8) saýlanyp alyndy.
Bu ýylky baýrak eýeleri 22-nji aprelde Gonkongyň Ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Aziýa uniwersitetleriniň Gonkongda geçiriljek sammitiniň ilkinji gününde dabaraly yglan ediler.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......