Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

  • 21.01.2026 10:55
  • 2.1k+

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi.

Giperkarlardan çalt we arzan
Kompaniýanyň habar bermegine görä, Corvette ZR1X birnäçe meşhur ýewropa giperkarlaryndan hem çalt boldy. Awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,68 sekuntda ýetýär we munuň üçin oňa bary-ýogy 30 metr aralyk ýeterlik bolýar. Rekord goýlan wagty awtoulag doly zawod görnüşindedi: adaty ýangyç we standart Michelin PS4S şinalary ulanyldy.
Çärýek mil (402 m) aralygy geçmek boýunça deňeşdirme:

  • Rimac Nevera R: 7,9 sekunt
  • Pininfarina Battista: 8,55 sekunt
  • Corvette ZR1X: 8,675 sekunt ($210 000)
  • Koenigsegg Jesko Absolut: 8,77 sekunt
  • Bugatti Tourbillon: 8,8 sekunt

Bellik: Corvette ZR1X-iň bahasy 210 müň dollar bolanlygynda, onuň bäsdeşleriniň bahasy 2,2 milliondan 4,6 million dollara çenli ýetýär.

Tehniki aýratynlyklary
Täze model 5,5 litrlik turboly V8 motory we öňki okda ýerleşdirilen elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen. Ulgamyň umumy kuwwaty 1250 at güýjüne barbar bolup, awtoulag doly çekiji (all-wheel drive) ulgamyna eýedir.
Şeýle-de, geçen tomusda Corvette ZR1X Germaniýanyň meşhur Nýurburgring trassasynda hem ABŞ-nyň iň çalt awtoulagy boldy we öz bäsdeşi Ford Mustang GTD-den takmynan üç sekunt öňe geçmegi başardy.


şu gün 14:34
1.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......