GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi

  • 22.01.2026 11:32
  • 1.3k+

«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär.
Bäsleşige 
35 ýaşdan uly bolmadyk, GDA agza ýurtlarynda ylmy ýa-da amaly metrologiýa ulgamynda işleýän hünärmenler gatnaşyp bilýär.
Gatnaşyjynyň ylmy derejesi, ady we eýeleýän wezipesi bäsleşige gatnaşmak üçin çäklendirme bolup durmaýar.
Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler.
Birinji tapgyrda gatnaşyjylar arzalaryny we ylmy işiniň tekstini taýýarlap, 2026-njy ýylyň 4-nji apreline çenli ymetr@rst.gov.ru elektron poçtasyna ibermeli.
Ikinji tapgyrda ylmy komitet tarapyndan taýýarlanylan amaly ýumuşlary ýerine ýetirmeli.
Üçünji tapgyrda Gatnaşyjylaryň dilden çykyşlary, ylmy işler köpçülikleýin ara alnyp maslahatlaşylar we ýeňijiler kesgitleniler.
Bäsleşige diňe diňe göni (oçno) formatda gatnaşmak mümkindir.

Bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler: ylmy metrologiýa, amaly metrologiýa, metrologiýany sanlylaşdyrmak we ylmy komitet tarapyndan soňky tapgyrda kesgitleniljek ýörite ugur.
Ýeňijilere diplomlar, şahadatnamalar we döşe dakylýan nyşanlary gowşurylar. Beýleki gatnaşyjylara bolsa bäsleşige gatnaşandygy barada şahadatnamalar berler.


düýn 18:58
2.4k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......