Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady

  • 22.01.2026 01:04
  • 2.5k+

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz ählumumy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmaga goşant goşýar, dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm howa we daşky gurşaw meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryny we tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga hem-de ekologiýa meselelerine üns bermek bilen, oba hojalyk ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirýär. Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak we möçberini artdyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyz bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda FAO-nyň goldawy bilen oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýer serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini goramak boýunça milli we sebit derejesinde tagallalary pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar ýerine ýetirilýär. “Ýaşyl howa”  gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar we “Bitewi saglyk” çemeleşmesi hem durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......