Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

  • 21.01.2026 18:58
  • 3.5k+

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, olar öz başarnyklaryny kämilleşdirýär.

Üçünji nesil robotlary dürli obýektleri takyk tutmak üçin 22 erkinlik derejesine eýe bolan penjeli el, bilek herekete getirijisi we barmak datçikleri bilen üpjün edildi. Olar Tesla Autopilot-da ulanylýan FSD v15 arhitekturasynyň kömegi bilen okadyldy. Ulgam sekiz kameranyň kömegi bilen daş-töweregi seljermäge we täze ýumuşlary hepdeläp däl-de, birnäçe sagatda özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Ozal gumanoid robotlar giň gerimde ulanardan has gymmat hasaplanýardy. Häzir kompaniýa kämil konstruksiýanyň we programma üpjünçiliginiň netijesinde bir robot üçin 20 000 dollardan 30 000 dollara çenli baha derejesini gazanmaga çalyşýar.
Tehasda köpçülikleýin önümçilik üçin aýratyn zawod gurulýar: ýylyň ahyryna çenli 50 000 robot çykarmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, Optimus-yň hojalyk görnüşini döretmek mümkinçiligi öwrenilýär.
Kompaniýa robotlaryň giňden ornaşdyrylmagynyň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny, ýöne robotlaryň özbaşdaklygy we komponentleriň könelmegi bilen bagly meseleleri çözmegi talap etjekdigini belleýär. Robotlary önümçilikde, logistikada, saglygy goraýyş ulgamynda, gurluşykda we beýleki ugurlarda ulanmak üçin çemeleşmeler hem işlenip taýýarlanýar. 


23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...