Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler

  • 21.01.2026 10:44
  • 7.8k+

Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady. Bu barada Sent-Jorj London uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, BBC habar berýär.

«Biziň geçiren seljermämiziň netijeleri parasetamolyň lukman görkezmeleri boýunça kabul eden ýagdaýynda göwreli zenanlar üçin howpsuz serişde bolandygyny we bolup galýandygyny görkezýär. Munuň tassyklanmagy parasetamolyň göwreli zenanlarda agyry we ýokary temperatura bilen göreşmegiň birinji derejeli serişdesi bolup galýandygy üçin aýratyn möhümdir» – diýip, professor Asma Halil belledi.

Soňky onýyllyklarda göwrelilik döwründe parasetamolyň kabul edilmeginiň çaganyň ösüşine ýaramaz täsir edip biljekdigi barada çekişmeler ýüze çykdy. Bu jedeller ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we saglygy goraýyş ministri Robert Kennedi-kiçiniň dermanyň autizm bilen baglanyşyklydygy baradaky sözlerinden soň has-da güýçlendi.
Bu pikirleri barlamak üçin alymlar ýüzlerçe müň aýalyň we olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilen iň ygtybarly 43 barlagy öwrendi. Olar parasetamoly kabul eden göwreli aýallaryň görkezijilerini kabul etmedikler bilen deňeşdirdi. Seljerme derman serişdesiniň kabul edilmeginiň, genetika, sosial şertlere we beýleki faktorlara garamazdan, autizm, ADHD ýa-da akyl taýdan yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrmaýandygyny we peseltmeýändigini görkezdi.
Ozal ýüze çykarylan uly bolmadyk töwekgelçilikler derman bilen däl-de, ähtimal, aýallaryň hroniki keselleri ýa-da beden aýratynlyklary bilen baglanyşykly bolsa gerek.
Alymlar öz seljermeleriniň netijelerini The Lancet Obstetrics, Gynaecology & Women's Health žurnalynda paýlaşdy.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......