Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy

  • 22.01.2026 13:19
  • 8.9k+

Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy.

«Bawariýa» – «Ýunion» 2:0
«Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy. Ikinji ýarymda iki goly hem Garri Keýn geçirdi: top burçdan berlenden soň we penaltiden. Ahyrynda ýer eýeleri Kim Min Çže meýdançadan çykarylandan soň azlykda galdy, ýöne hasapda öňdeligi saklady. Keýn ýene bir penalti goluny salyp bilmedi, top derwezäniň ýokarsyna degdi. Angliýaly oýunçy 71 gol bilen ýewrokuboklaryň iň gowy bombardirleriniň sanawynda altynjy orna çykdy.

«Marsel» – «Liwerpul» 0:3
Mersisadýlylar Marselde ynamly ýeňiş gazandy. Arakesmeden öň Dominik Soboslai jerime meýdançasyndan topy oýunçylar diwarynyň aşagyndan geçirip, mekirlik bilen saldy. Ikinji ýarymda Žeremi Frimpong dependen soň fransuz toparynyň derwezebany Heronimo Ruli topy öz derwezesine iberdi. Oýna goşulan wagtda Kodi Gakpo soňky hasaby kesgitledi.

«Slawiýa» – «Barselona» 2:4
Ýer eýeleri birinji ýarymda top burçdan berlenden soň iki gezek gol geçirdi we iki gezekde-de katalon toparynyň jerime meýdançasyndaky bulaşyklygyndan peýdalandy. Bu iki goluň arasynda «Barselonanyň» düzüminde Fermin Lopes hem iki gol geçirdi. Arakesmeden soň «Barsa» Dani Olmonyň we Robert Lewandowskiniň gollary bilen hasapda öňe saýlandy. «Slawiýa» ÇL-de göreşi dowam etdirmek mümkinçiligini ýitirdi.

 «Ýuwentus» – «Benfika» 2:0
Turinliler ikinji ýarymyň 10 minutynda oýnuň soňuny kesgitledi. Hefren Týuram hasaby açdy, soňra Ueston Makkenni toparyň artykmaçlygyny artdyrdy. Žoze Mourinýunyň topary birnäçe amatly pursaty elden sypdyrdy, ahyrynda bolsa Wangelis Pawlidis penalti goluny girizip bilmedi.

«Karabah» – «Aýntraht» 3:2
Bu oýunda toparlar deňme-deňlik bilen ylalaşman, özara işjeň hüjüm etdi. 2:2 hasap bilen dowam edýän oýnuň ahyrynda soňky jürlewük sesinden öň şowlulyk azerbaýjan klubunyň tarapynda boldy: Bahlul Mustafazade gol geçirdi. «Karabah» jedweliň ortasyna gaýdyp geldi we umumy tapgyryň ahyryna çenli pleý-off tapgyryna çykmaga dalaş edýär, «Aýntraht» bolsa ýaryşdan gaýtdy.
Galan netijeler:

  • «Nýukasl» – «PSW» Eýndhowen 3:0
  • «Galatasaraý» – «Atletiko» 1:1
  • «Atalanta» – «Atletik» Bilbao 2:3
  • «Çelsi» – «Pafos» 1:0

düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....