Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy

  • 21.01.2026 11:57
  • 17k+

Gresiýaly Stamatis Moraitis ABŞ-dan öz dogduk mekany bolan Ikariýa adasyna gaýdyp gelenden soň, öýkeniň rak keseliniň ahyrky derejesi bilen ýene 40 ýyl töweregi ýaşady. Onuň täsin hekaýatyny Daily Express gürrüň berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, amerikaly lukmanlar tarapyndan bejerip bolmaýan öýken çişi diagnoz goýlan wagty Moraitis 60 ýaşlaryndady. Lukmanlar oňa çaklamalaryň oňyn däldigini we onuň bir ýyldan uzak ýaşap bilmezliginiň mümkindigini duýdurdy.
Diagnoz goýlandan soň, goja ABŞ-dan öz çagalyk we ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýeri bolan Ikariýa gaýdyp geldi. Geň ýeri, dogduk mekanyna gaýdyp gelenden soň, onuň saglyk ýagdaýy gowulaşyp başlady. Moraitis ýene fiziki zähmet bilen meşgullanyp, wagtyny işjeň geçirdi we her gün dostlary hem tanyşlary bilen aragatnaşyk saklamaga başlady.
Makalada onuň adada kadaly durmuşda ýaşandygy we stress ýagdaýyny az başdan geçirendigi aýdylýar. Makalanyň awtorlary hut ýaşaýyş şertleriniň agyr diagnoza garamazdan, gojanyň uzak ýaşamagyna täsir edip bilendigini çaklaýar.
Ençeme ýyllardan soň Moraitis diagnoz goýan hünärmenleriň ýanyna barmak we özüniň nädip uzak ýaşap bilendigine düşünmek üçin Birleşen Ştatlara dolanýar. «Görüp otursam, ähli lukmanlarym bu dünýäden ötüpdir» – diýip, ol gürrüň berýär. 


20.06.2026 12:08
6.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......