1942-nji ýylyň arhiwindäki bilezikden ylhamlanan Bvlgari täze bezegler toplumyny çykardy

  • 22.01.2026 00:03
  • 3.8k+

Bvlgari  arhiwini täzeden gözden geçirmegi esasynda Bvlgari Eternal atly täze bezegler toplumyny çykardy. Toplumyň ilkinji bölegi 1942-nji ýylda döredilen bilezikden ylhamlanyp döredilen monjuk, ýüzük, bilezik we iki jübüt gulakhalkadan ybarat Vimini liniýasydyr. Bezegler brende mahsus sary we gyzylymtyk altyndan ýasalyp, nusga edinilen tolkun şekilli bilezigi gaýtalaýar.

Kompaniýa Vimini bileziginiň uruş döwründe döredilendigini we çäkli serişdeler arkaly döretmegiň mysalydygyny belleýär. Onuň dizaýny italýan rasionalizmine, şeýle hem grek we rim zergärçilik däplerinde ulanylan gadymy dokma usullaryna salgylanýar.
Bvlgari-niň döredijilik direktory Lusiýa Silwestri täze liniýany döredende asyl nusganyň geometrik ritmini we ýyly altyn reňklerini saklap galmaga çalyşandygyny hem-de ony häzirki zaman stiline sazlaşdyrandygyny aýtdy. Ähli bezegler gaýym galyňlykdaky Diamond-Like Carbon (DLC) örtügine eýedir.

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....