Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 22.01.2026 11:19
  • 844

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns berlip, olaryň hatarynda «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan» parlamentara dialogynyň geçirilmeginiň özara tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......