AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady

  • 22.01.2026 01:25
  • 14k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aşgabadyň köpugurly «Olimpiýa» stadionyny AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy üçin «Arkadag» toparynyň öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady. Türkmenistanyň çempiony bu tapgyrda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen duşuşar.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadiony 45 müň tomaşaça niýetlenen bolup, ol Merkezi Aziýanyň iň uly sport desgalarynyň biri hasaplanýar. Bu arena 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin döwrebaplaşdyrylypdy. Stadionyň şol wagtdan bäri ilkinji gezek resmi futbol duşuşygyny kabul etjekdigini bellemek gerek.
Mundan ozal «Arkadag» topary özüniň öý duşuşyklaryny Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionlarda geçirýärdi.
Şeýle hem AFK Eýranyň klublarynyň gatnaşmagyndaky duşuşyklary neýtral meýdançalara geçirmek barada karar kabul etdi. «Sepahan» we «Esteglal» klublarynyň oýunlarynyň geçiriljek takyk ýerleri soňra yglan ediler.

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2: 1/8 final jübütleri
Günbatar zolagy:

  • «Arkadag» (Türkmenistan)«Al-Nasr» (Saud Arabystany)
  • «Al-Zawra» (Yrak) — «Al-Wasl» (BAE)
  • «Sepahan» (Eýran) — «Al-Ahli» (Katar)
  • «Esteglal» (Eýran) — «Al-Husseýn» (Iordaniýa)

Gündogar zolagy:

  • «Pohang Stilers» (Koreýa Respublikasy) — «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)
  • «Ratçaburi» (Tailand) — «Persib Bandung» (Indoneziýa)
  • «Bangkok Ýunaýted» (Tailand) — «Makartur» (Awstraliýa)
  • «Kong An Hanoý» (Wýetnam) — «Tampines Rowers» (Singapur)

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, pleý-off tapgyryna çykan klublar uly möçberde baýrak pullaryna eýe bolýarlar:

  • Çärýek finala çykmak: 160 müň dollar;
  • Ýarym finala çykmak: 240 müň dollar;
  • Finalçy: 1 million dollar;
  • Ýeňiji: 2,5 million dollar.

şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......