Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi

  • 22.01.2026 00:48
  • 13k+

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda degişli ýolbaşçylar garamagyndaky düzümlerde 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hususan-da, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barlandygy barada aýtdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek hem-de düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda Ý.Nuryýew başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, bu wezipä I.Ilamanow bellenildi.
Adalat ministri M.Taganow raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda alnyp barlan işler barada aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýyl bu düzümiň işine iň täze tehnologiýalary hem-de üstaşyr geçýän ýüklere gözegçiligi amala aşyrmakda häzirki zaman usullary ornaşdyrmagyň netijeleri, şeýle hem Gullugyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy, berk düzgün-tertibi, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onuň düzümine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olary ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda dabaraly geçirilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekdi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......