BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi

  • 21.01.2026 13:22
  • 12k+

500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi. Birnäçe sebitde ilatly nokatlaryň arasyndaky aragatnaşyk kesildi, bu hem kömek bermekde kynçylyk döretdi.
Agyr ýagdaý bilen baglylykda BMG gyssagly ynsanperwer kömeginiň göwrümini giňeldýär we tebigy betbagtçylygyň netijelerine garşy göreşde Mozambigiň hökümetine ýardam edýär.
Habar berlişi ýaly, dowamly çabgalar Maputu, Gaza, Inýambane we Manika welaýatlarynda köp ýerlerini suwuň basyp almagyna sebäp boldy. Geçen ýylyň oktýabrynda ýagyş möwsümi başlany bäri tebigy betbagtçylyk zolagynda adam pidasynyň 103 ýagdaýy hasaba alyndy.
Mozambigiň hökümeti zyýan çeken zebitlerde suw joşgunlarynyň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri utgaşdyrmak üçin betbagtçylyk zolagyna ministrleri iberdi. 


25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....