Astronomlar taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürer

  • 21.01.2026 18:59
  • 4.6k+

Event Horizon Telescope (EHT, «Wakalaryň gözýetiminiň teleskopy») halkara taslamasynyň astronomlary mart-aprel aýlarynda taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada taslamanyň awtorlarynyň birine, Kembrij uniwersitetiniň professory Sera Markoffa salgylanyp, Guardian gazeti habar berýär.

Wideo düşürmek üçin Messier 87 (M87) galaktikasynyň merkezindäki gara girdap saýlandy. Onuň agramy 6 milliard Günüň agramyna, ululygy bolsa Gün ulgamyna barabardyr.
«Wakalaryň gözýetiminiň teleskopy» Antarktikadan başlap, Ispaniýa we Koreýa çenli tutuş dünýä boýunça ýerleşen 12 radioteleskopdan ybarat ulgamdyr. 2019-njy ýylda taslama gara girdabyň kölegesiniň ilkinji suratyny hödürledi. Indi alymlar ägirt uly gara girdaby hereketde görkezjek wideony düşürmegi maksat edinýär.
M87 gara girdaby aýratyn kadrlardan birsydyrgyn wideo alnar ýaly ýeterlik derejede haýal hereket edýär. Wideo düşürmek işleri mart we aprel aýyna meýilleşdirilýär, çünki hut bu döwürde obýekt birbada birnäçe teleskopdan görner.
Alymlar gara girdabyň aýlanma tizligi we ondan häzire çenli tebigaty näbelli bolan bölejikleriň çalt akymlarynyň nädip çykýandygy barada köpräk maglumat almagy umyt edýär.

«Filmi düşürmek kampaniýasy ýazda geçse-de, alymlar diňe teleskoplar tarapyndan alnan maglumatlaryň möçberi sebäpli gaty diskleri Germaniýa we ABŞ-a işlemäge fiziki taýdan ibermek üçin Antarktida tomsuna garaşmaly bolar» – diýip, Guardian ýazýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......