4.2k+

Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy

Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi...

3k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

6.5k+

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär

Aşgabatdaky SPECA hepdeligi sebiti ösdürmek boýunça birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Hususan-da, «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisinde Brýusseliň ýurduň ekologiýa maksatnamalaryny giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro bölüp berýändigi yglan edildi...

1.7k+

Aktrisa Teýlor Rassel Dior moda öýüniň ilçisi boldy

Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer. Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar...

3.1k+

Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi...

3.4k+

Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy

Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar...

2.1k+

Caviar Unitree robotyny görmegeý Aladdine öwürdi

Caviar rus lyuks brendi, adatça, smartfonlar (esasan iPhone) we beýleki enjamlar, şeýle-de aksessuarlar üçin gymmatbaha metallardyr daşlar bilen bezelen kaşaň dizaýnlary hödürleýärdi. Indi bolsa bu kompaniýa robotlary bezemegi hem öz üstüne aldy...

7.6k+

Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler...

2.9k+

Analitikler 2026-njy ýylyň meşhur bolup biljek syýahatçylyk ugurlaryny aýtdy

Kayak syýahatçylyk meta-gözleg ulgamynyň analitikleri «What the Future» hasabatyny hödürläp, onda 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk pudagynyň esasy tendensiýalaryny çaklady. Kompaniýanyň statistikasyna we Z nesliniň hem milleniallaryň 14 müň wekilinden pikir soraşmalara esaslanan gözleglere görä, syýahatçylykda esasy trend emeli aňyň ulanylmagy bolar...

2.1k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär...

1.5k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

1.4k+

ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär...

2.5k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

2.9k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

2.4k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar

Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi...

2.1k+

Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.  Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy...

4.5k+

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollara bardy

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollar görkezijiden geçip, geçen ýylyň dekabr aýynda başlanan çalt ösüşini dowam etdirdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. 23-nji ýanwarda geçirilen söwdalaryň barşynda kümşüň bahasy 4,74% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 101,11 dollara ýetdi...

4.5k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi...

1.2k+

PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar

McLaren sport geýimlerini we enjamlaryny öndüriji PUMA bilen köp ýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Şertnama laýyklykda, PUMA Formula 1 sürüjileri bolan Lando Norris we Oskar Piastri üçin ýörite eşikleri öndürer...

8.9k+

Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar

Dubaýda Inaura gökdiräniň taslamasy tanyşdyryldy. Şäheriň täsin binalary öň ýetik hem bolsa, täze bina olardan özboluşly aýratynlygy – ýokarky gatlarynyň arasyndaky ýagty saçýan sferasy bilen tapawutlanar. Bu teklip MVRDV binagärlik firmasy tarapyndan işlenip düzüldi...

4.8k+

Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär...

2.4k+

Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär...