Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» makullady

  • 24.01.2026 03:40
  • 7.1k+

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.
Amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler.
Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......