Jeýms Uebb teleskoby Ulitka dumanlygyny jikme-jikliklikleri bilen surata düşürdi

  • 24.01.2026 01:20
  • 1.8k+

NASA Jeýms Uebb teleskopy tarapyndan düşürilen Ulitka dumanlygynyň täze suratlaryny çap etdi. Ulitka dumanlygy iň meşhur planetar dumanlyklaryň biridir. Ol Gün ulgamymyzdan takmynan 655 ýagtylyk ýyly uzaklykda, Daluw ýyldyz toplumynda ýerleşýär.

Dumanyň görnüşi «Sauron gözüni» ("Ýüzükleriň hökümdary" filminden) ýatladýar. Günbatar žurnalistleri bolsa bu obýekti «Hudaýyň gözi» diýip atlandyrdylar.
Ady biraz pikiriňi üýtgetjek ýaly etse-de, planetar dumanlyklar planetalardan däl-de, Güne meňzeş ýyldyzlardan emele gelýär. Ýöne adatça, olardan has uly bolýar. Şeýle ýyldyzlar ömrüniň ahyrynda köp mukdarda gaz çykarýarlar we gysga wagtlyk ajaýyp kosmik tomaşa öwrülip, giňäp gidýän gabyk döredýärler.
Täze suratlar gaz gabygynyň içindäki ýagty gaz sütünlerini görkezýär. Dumanlygyň merkezinde kadrdan daşarda ak karlik — ölýän ýyldyzyň galyndysy ýerleşýär. Onuň şöhlelenmesi gazy ýagtylandyrýar we ak karligiň golaýyndaky gyzgyn ionlaşdyrylan gaz, has uzakda sowuk molekulýar wodorod we çylşyrymly molekulalaryň emele gelýän tozanly sebitleri ýaly dürli gurluşlary döredýär.  Bu ýerde geljekki planetalar üçin çig mal emele gelýär.
Suratdaky reňkler materialyň temperaturasyny we düzümini görkezýär: gök reňk gyzgyn gazy, sary reňk sowaýan wodorody, gyzyl reňk bolsa sowuk gazy we tozany aňladýar. Bu reňkler ýyldyzyň soňky dem alşynyň nähili ýagdaýda täze dünýäler üçin materiala  öwrülýändigini görkezýär.


şu gün 10:51
651

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....