Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär.
Alymlar Sulawesiniň günorta bölegindäki 44 gowagy öwrendi, olardan 14-üsi öň belli däldi. Olaryň birinde, Muna adasyndaky Liang Metanduno sebitinde, olar adam aýalarynyň töweregine çalnan boýagyň yzlaryny tapdy. Suratda inçe, uçly barmaklary bolan eliň solgun şekili görünýär.
Gözlegiň awtorlary suratlaryň ýaşyny kesgitlemek üçin kalsiý karbonat gatlagynyň uran-toriý senesini ulandy. Ylmy gözleg suratlaryň ýaşynyň azyndan 67,8 ± 3,8 müň ýyldygyny görkezdi. Bu bellenilen sebitde häzire çenli belli bolan gaýa suratlaryndan 16,6 müň ýyl gadymydyr we iň gadymy ýewropa ýadygärlikleriniň ýaşyndan 1,1 müň ýyl uludyr.
Hünärmenler suratlaryň awtorlarynyň Homo sapiens bolup biljekdigini çaklaýar, ýöne neandertallar ýa-da denisowlar ýaly adamyň başga görnüşleriniň gatnaşyp bilendigini hem ret etmeýär. Tapyndy adamyň Afrikadan Sulawesi arkaly Sahul yklymyna tarap göçüşiniň demirgazyk ýoly baradaky çaklamany tassyklaýar. Ozal bu döwürde adamlaryň bu ýolda bolandygyna subutnama ýokdy.
Alnan maglumatlar paleolit döwrüniň wekilleriniň deňizlerden geçmäge we hatda adalaryň arasynda haýwanlary daşamaga ukyply bolandygyny delillendirýär.