Uzak wagtlap ýitip gidendir öýdülen balyk Indoneziýada surata düşürildi

  • 03.05.2025 11:42
  • 12k+

Indoneziýanyň latimeriýasy (Latimeria menadoensis) ilkinji gezek tebigy gurşawynda surata düşürildi. Suratlar Molukk adalarynyň töwereginde düşürildi. Bu barada gözlegiň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi.

Seýrek duş gelýän balygyň suratlaryny «Unseen» ekspedisiýasynyň agzasy we suwasty operator Aleksis Şappýui düşürdi. Surata düşüriş işleri, takmynan, 145 metr çuňlukda amala aşyryldy.
Latimeriýalar häzirki wagtda ýaşaýan iň gadymy balyk görnüşleriniň biri hasaplanylýar. 1938-nji ýylda Günorta Afrikanyň kenarýakasyndan diri nusgasy tapylýança, onuň nesli ýoly ýitip gidendir öýdülýärdi. Şol wagtdan bäri, alymlara iki görnüşi mälimdir: Afrikanyň kenarlarynda ýaşaýan Latimeria chalumnae we Sulawesi bilen Günbatar Täze Gwineýanyň etekerinde ýaşaýan Latimeria menadoensis. Ikinji görnüşi henizem doly öwrenilenok, sebäbi ýaşaýan ýerlerine barmasy kyn.
Ozalky deňize çümüşlerde hünärmenler Demirgazyk Maluku welaýatynda (Indoneziýa) latimeriýalaryň bolup biljek käbir ekoulgamlaryny kesgitlediler. Bäş we sekiz minut dowam eden iki çümüşiň dowamynda, alymlar uly balygy tebigy şertlerinde synlamagy başardylar. Alymlaryň bellemegine görä, täze ýaşaýyş gurşawlarynyň öwrenilmegi olar diriligine tutulmazdan, balyklardan DNK toplumlaryny almak ýaly zyýansyz usullaryň ulanylmagyna mümkinçilik berer.


24.01.2026 09:44
2k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär...

13.09.2025 15:41
5k+

Kalimantan adasynda meteoritden galan gadymy palta tapyldy

Kalimantan adasynyň Indoneziýa böleginde ýerleşýän Paau obasynda çen bilen bürünç eýýamyna degişli seýrek guýguç şekilli palta tapyldy. Onuň ýaşy takmynan 3000 ýyl töweregi. Radar Banjarmasin gazetiniň habaryna görä, bu artefakt 1983-nji ýylda ýerli ýaşaýjy tarapyndan altyn gözleýän mahaly tötänleýin tapyldy we  jemgyýetçilige indi mälim boldy...

07.04.2025 11:30
6.5k+

Indoneziýada oýundan ünsüni sowman naharlanmak isleýänler üçin 3,5 metrlik unaş satuwa çykaryldy

Indoneziýanyň Haraku Ramen kompaniýasy oýunçylar üçin ýörite taýýarlanan 3,5 metrlik unaşy satuwa çykardy. Täze önüm oýun oýnaýan wagtlary ünsüni sowmazdan naharlanmak isleýän oýunçylara gönükdirilýär diýip, «BrandingInAsia» çeşmesi habar...

20.08.2024 13:36
15k+

Indoneziýada täze paýtagtyň gurluşygynyň fotosuratlary paýlaşyldy

Borneo adasynda (Kalimantan) Indoneziýanyň täze paýtagtynyň - Nusantara şäheriniň gurluşygy dowam edýär. Ol ilat sany aşa artan we assa-ýuwaş suwuň aşagyna çöküp barýan Jakartanyň ornuny tutar. Jakartada häzirki...