Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy

  • 02.10.2025 10:38
  • 14k+

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.
Baş prokuror B.Muhamedow prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada aýdyldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi barada aýtdy.
Adalat ministri M.Taganow düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde teklipleri taýýarlamak boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.


düýn 16:30
691

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
778

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......