Ýagşymyradow Kori Andersondan ar almaga taýýarlanýar

  • 02.10.2025 19:23
  • 45k+

3-nji oktýabrda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Kori Andersonyň arasynda uzak garaşylan titul söweşi bolar. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempion guşagy üçin söweş Dubaýdaky “Koka-Kola Arenada” (BAE) geçiriler.

Döwletjan üçin bu söweş Andersondan ar almak üçin mümkinçilik bolar. Olar ilkinji gezek 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator Gran-prisiniň 1/4 finalynyň çäklerinde duşuşypdy. Şol gezek amerikaly söweşiji üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy. Indi söweşijiler başga guramanyň çäklerinde oktagona çykar we Döwletjan diňe bir garşydaşyndan ar almaga däl, eýsem çempion guşagyny goramaga çalşar.
Anderson öz üstünligini gaýtalap biljekdigine şübhelenmeýär, muny Döwletjan bilen bakyş söweşi bilen bagly postuna goşan ýazgysyndan görmek bolýar: “Muny ýene gaýtalamagyň wagty geldi. Bu gezek birinjidenem has gowy”.

Döwletjan bu mümkinçilige uzak garaşandygyny aýtdy: “Bu diňe bir rewanş däl – bu ykbal bilen göreş. Bu gezek men oktagona dalaşgär hökmünde däl-de, çempion hökmünde çykýaryn”.

36 ýaşly Ýagşymyradowyň hasabynda 25 ýeňiş (18-isi möhletinden ir), ýedi ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Ol eýýäm ýedi söweş bäri ýeňilmän gelýär. 2024-nji ýylyň noýabrynda bolan soňky söweşinde türkmen pälwany Impa Kasanganaýy eýýäm birinji minutda ýeňip, PFL-iň guşagyny aldy.
Anderson hem 36 ýaşynda. Ol UFC-niň öňki söweşijisi (2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli). Özüniň soňky söweşini şu ýylyň iýulynda GAR-daky PFL ýaryşynda russiýaly Denis Golsowa garşy geçirdi. Şol söweşde Kori ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň hasabynda 19 ýeňiş (9-ysy möhletinden ir) we alty ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy. Ol üç söweş bäri ýeňilmän gelýär.
Anderson – Ýagşymyradow tutluşygy ýaryşyň esasy söweşleriniň biri bolar. Agşamyň esasy wakasynda bolsa russiýaly Usman Nurmagomedow bilen irlandiýaly Pol Hýuz duşuşar. Olar ýeňil agramda PFL-iň çempionlyk guşagy ugrunda göreşer.
Ýaryş Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlar, ýöne esasy söweşler çen bilen ýarygijeden soň bolar. 


düýn 08:03
2.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......