Pereýra sanlyja sekuntlarda Ankalaýewi nokauda gidirip, UFC-niň guşagyny gaýtaryp aldy

  • 05.10.2025 12:47
  • 23k+

5-nji oktýabrda Las-Wegasda (ABŞ) T-Mobile Arenasynda UFC 320 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy ýarym agyr agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda russiýaly Magomed Ankalaýew bilen Braziliýadan öňki çempion Aleks Pereýranyň arasyndaky rewanş duşuşygy boldy.

Tutluşyk bary-ýogy birnäçe sekunt dowam etdi. Pereýra jaýdar urgusy bilen Ankalaýewi çalaja seňseletdi, kanwasda bolsa urgularyny dowam edip ýeňdi. Emin Hýorb Din söweşi togtadyp, braziliýaly türgeniň tehniki nokaut bilen ýeňendigini tassyklady. Şeýlelikde, Pereýra UFC-niň çempion guşagyny gaýtaryp aldy.
Ankalaýew üçin bu ýeňliş onuň professional karýerasyndaky ikinji ýeňlişi boldy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 21 ýeňiş, 1 ýeňliş, 1 deňme-deň we 1 netijesiz söweş bar.
Pereýra bolsa karýerasynda 13-nji ýeňşini gazandy, onuň hasabynda 3 ýeňliş bar.


18.06.2026 22:41
7.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......