Indoneziýada oýundan ünsüni sowman naharlanmak isleýänler üçin 3,5 metrlik unaş satuwa çykaryldy

  • 07.04.2025 11:30
  • 6.6k+

Indoneziýanyň Haraku Ramen kompaniýasy oýunçylar üçin ýörite taýýarlanan 3,5 metrlik unaşy satuwa çykardy. Täze önüm oýun oýnaýan wagtlary ünsüni sowmazdan naharlanmak isleýän oýunçylara gönükdirilýär diýip, «BrandingInAsia» çeşmesi habar berýär.

Unaş dykyz hamyrdan taýýarlanansoň, sorulyp iýlende ýyrtylmaýar. Kompaniýa bu aýratynlygyň önümiň esasy artykmaçlyklarynyň biri bolup durýandygyny aýdýar. Görnüşi adatdan daşary bolsa-da, bular ýene-de taýýar nahardyr. Unaşyň her tarynyň uzynlygyna we dokumasyna uly üns berlip taýýarlanylýar.
Ilkinji çäkli mukdardaky önümler 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda satuwa çykaryldy. Bu önüm gaty uly islege eýe bolup, birnäçe günüň dowamynda doly satylyp gutardy. Kompaniýa bu önümden goşmaça ýene öndüriljekdigini wada berdi.

Önümiň şeýle meşhur bolmagyna onuň üýtgeşik gaplamasy hem täsir etdi: her porsiýa wideooýunlaryň äheňinde bezelen görnüşde, gönüburç gutuda hödürlenýär.
Bu unaş sosial torlarda, şol sanda strimerleriň we oýunçy blogerleriň üsti bilen giňden mahabatlandyrylýar.
Täzelige diňe Aziýada däl, eýsem ABŞ-daky we Ýewropadaky oýunçy jemgyýetlerinde hem uly gyzyklanma bildirildi – bu pikire eksport üçin mümkinçilik hökmünde hem garap başladylar. Indoneziýanyň özünde bolsa, bu görnüşiň ýaşlaryň arasynda täze gastronomik trende öwrülip biljekdigi ara alnyp maslahatlaşylýar.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

07.05.2026 09:20
5.9k+

Indoneziýanyň asmanynda peýda bolan adaty bolmadyk reňbe-reň bulut ýollarda ulaglaryň hereketini togtatdy

Indoneziýada dynç günleri adamlara seýrek duş gelýän reňbe-reň buludy synlamak miýesser etdi, bu bolsa Jonggol sebitinde ulaglaryň gatnawynyň wagtlaýynça togtamagyna sebäp boldy....

24.01.2026 09:44
2.1k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär...

13.09.2025 15:41
5.1k+

Kalimantan adasynda meteoritden galan gadymy palta tapyldy

Kalimantan adasynyň Indoneziýa böleginde ýerleşýän Paau obasynda çen bilen bürünç eýýamyna degişli seýrek guýguç şekilli palta tapyldy. Onuň ýaşy takmynan 3000 ýyl töweregi. Radar Banjarmasin gazetiniň habaryna görä, bu artefakt 1983-nji ýylda ýerli ýaşaýjy tarapyndan altyn gözleýän mahaly tötänleýin tapyldy we  jemgyýetçilige indi mälim boldy...