Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy

  • 29.09.2025 19:00
  • 14k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatynda awtomobil hereketi üçin Huaszýan jülgesiniň üstünden geçýän asma köpri açyldy. Köpriniň ýol düşeginden Beýpan derýasynyň akýan jülgesiniň düýbüne çenli aralyk 625 metr boldy, bu hem ony dünýäde iň beýik köprä öwürýär diýip, CNA habar berýär.

Köpriniň gurluşygy üç ýyl we dokuz aý dowam etdi, taslamanyň bahasy bolsa 2 mlrd ýuana (takmynan, 280 mln ABŞ dollary) ýetdi. Desganyň uzynlygy 2,9 km barabar.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, täze köpri jülgäniň bir tarapyndan beýlekisine geçmegiň wagtyny iki sagatdan iki minuta çenli azaldýar. Onuň açylmagy sebitdäki ulag aragatnaşygyny kämilleşdirip, ykdysady we sosial ösüşe ýardam eder.
Şol welaýatda beýiklik boýunça dünýä rekordynyň öňki eýesi – Duge köprüsi (565 m) ýerleşýär. Resmi maglumatlara görä, dünýädäki iň beýik 100 köpriniň ýarysy diýen ýaly Guýçžou welaýatynda ýerleşendir. 


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....