Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy

  • 04.10.2025 16:30
  • 20k+

Şah Ruh Han dollar milliarderleriniň sanawyna girizilen ilkinji Bolliwudly aktýor boldy. Onuň arassa baýlygy 1,4 milliard dollar hasap edilýär diýip, Hindistanyň iň baý adamlarynyň her ýyl düzülýän Hurun India Rich List 2025 sanawyna salgylanýan BBC habar berýär.

Indi aktýoryň baýlygy Arnold Şwarseneggeriň, aýdymçylar Riannanyň, Teýlor Swiftiň hem-de golfçy Taýger Wudsuň baýlygy bilen barabar boldy.
Bilermenler Hanyň milliarderleriň hataryna girmeginiň Hindistanyň üýtgäp duran ykdysadyýetini görkezýändigini bellediler. Önümçilik, maglumat tehnologiýalary we bank işi ýaly adaty pudaklardan başga-da, baýlygyň ep-esli ösüşini sport, güýmenjeler industriýasy we aň eýeçiligine esaslanýan kärhanalar üpjün edýär.
Şah Ruh Han 30 ýyldan gowrak wagt bäri hindi film muşdaklarynyň arasynda meşhurlyk gazandy. Onuň esasy girdejisi Red Chillies Entertainment prodýuserlik kompaniýasyndan we özüniň Knight Rider Sports kriket klubundan gelýär. Goşmaça girdeji çeşmeleri filmlerde we mahabatlarda surata düşmeginden we gozgalmaýan emläk goýumlaryndan gelýär.
Bu ýyl Bolliwudyň ýene dört ýyldyzy öz maşgalalary bilen Hurun sanawyna girdi. Hanyň birnäçe filmde bilelikde çykyş eden aktrisasy Juhi Çawla 880 million dollar baýlygy bilen ikinji ýerde durýar. Ritik Roşan 260 million dollar baýlygy bilen üçünji ýeri eýeledi, soňra režissýor Karan Johar (takmynan 200 million dollar) we aktýor Amitabh Baççan maşgalasy (takmynan 183 million dollar) bilen durýar.
Karan Johar 2024-nji ýylda Dharma Productions prodýuser kompaniýasynyň 50 göterimini Hindistanyň iň uly sanjym öndürijisi milliarder Adar Punawalla 119 million dollara satyp, bu sanawa duýdansyz girdi.
Umuman alanyňda, 2025-nji ýylda Hindistanda milliarderleriň sany 350-den geçdi. Mukeş Ambani bilen Gautam Adani Hurun Hindistan sanawynyň iň başynda durýar.


16.05.2026 19:49
3.2k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

16.05.2026 11:29
1.6k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:36
2.1k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:13
1.1k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....