Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi

  • 23.11.2023 10:06
  • 2.2k+

Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi. Bu barada Indoneziýanyň DIM-niň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, Report habar berýär.

“Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 10-njy resmi dili hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Şol bir wagtyň özünde, indoneziýa dili iş dili hökmünde ulanylyp bilner, Baş konferensiýanyň resminamalary bolsa indoneziýa diline terjime edilip bilner” – diýlip, habarda aýdylýar.
“Bu ykrar etme ähli Indoneziýa milleti üçin buýsanç çeşmesidir” – diýip, Detik portaly Indoneziýanyň prezidenti Joko Widodonyň sözlerini getirýär.

Indoneziýa dilinden başga-da, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dilleri iňlis, arap, ispan, italýan, hytaý, portugal, rus, fransuz we hindi dilleridir.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

16.05.2026 09:28
5.4k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

14.05.2026 00:03
7.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

07.05.2026 09:20
5.9k+

Indoneziýanyň asmanynda peýda bolan adaty bolmadyk reňbe-reň bulut ýollarda ulaglaryň hereketini togtatdy

Indoneziýada dynç günleri adamlara seýrek duş gelýän reňbe-reň buludy synlamak miýesser etdi, bu bolsa Jonggol sebitinde ulaglaryň gatnawynyň wagtlaýynça togtamagyna sebäp boldy....