Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly üçin söweşde Kori Andersondan ýeňildi

  • 04.10.2025 08:58
  • 57k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň amerikaly söweşijisi Kori Anderson Dubaýda geçirilen ýarym agyr agramda (93 kg çenli) PFL-iň titul söweşinde türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradowy ýeňdi.

Söweş agşamyň esasy wakalarynyň biri bolup, bäş raund dowam etdi. Oýnuň başynda artykmaçlyk Ýagşymyradowyň tarapyndady, ýöne soň Anderson güýjüni jemläp, ýiti göreşe geçdi. Ol aýak üstünde-de, parterde-de ynamly hereket edip, emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde ýeňiş gazandy – 49:45, 48:47, 49:45.
36 ýaşly Anderson üçin bu üstünlik yzygider dördünji boldy. Bellator-yň öňki çempiony indi çempionat PFL bilen birleşenden soň guşagy gaýdyp aldy. Indi onuň hasabynda 20 ýeňiş, alty ýeňliş bar, bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy.
36 ýaşly Döwletjan yzygider ýedi ýeňşiniň arasyny üzdi. Onuň rekordy indi 25 ýeňişden, sekiz ýeňlişden we bir deňme-deňlikden ybarat. Türkmen söweşijisi geçen ýylky PFL möwsüminiň ýeňijisi bolupdy.
Bu söweş rewanş boldy: 2021-nji ýylyň aprelinde söweşijiler Bellator-da duşuşdy we şonda Anderson Döwletjany üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....