Borneo adasynda (Kalimantan) Indoneziýanyň täze paýtagtynyň - Nusantara şäheriniň gurluşygy dowam edýär. Ol ilat sany aşa artan we assa-ýuwaş suwuň aşagyna çöküp barýan Jakartanyň ornuny tutar. Jakartada häzirki wagtda 34 million adam ýaşaýar.
Jakartada sil ýygy-ýygydan gelýär, howanyň hapalyk derejesi ýokary we agyz suw ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Bu sebäpler hökümete paýtagty täze şähere geçirmäge mejbur etdi.
17-nji awgustda täze şäherde ilkinji gezek Garaşsyzlyk güni baýram edildi. Emma, gurluşyk işleriniň işjeň alnyp barylýandygyna garamazdan, Nusantara häzirlikçe ägirt uly gurluşyk meýdançasy bolmagynda galýar.
Şäheriň açylyşyny ýakyn hepdelerde geçirmek meýilleşdirýändigine garamazdan, desgalaryň aglabasynda gurluşyk işleri heniz tamamlanmadyk.
Garuda köşgi. Indoneziýanyň Prezidentiniň Nusantaradaky geljekki köşgi / © Firdaus Wajidi / Anadolu / Getty
Täze paýtagtyň hökümet zolagynyň merkezinde ýerleşjek Prezident köşgi / © Firdaus Wajidi / Anadolu / Getty
Nusantaranyň gurluşygynyň gidişi / © Yasuyoshi Chiba / AFP / Getty
Nusantaranyň gurluşygynyň gidişi / © Yasuyoshi Chiba / AFP / Getty
Nusantarany Balikpapan (Gündogar Kalimantan) bilen birleşdirjek täze tölegli ýoluň gurluşygy / © AFP
Nusantarada gurluşygy dowam edýän bina / © Yasuyoshi Chiba / AFP / Getty