Gulaklykmy ýa gulakhalka?: Sony gulak kanalyny ýapmaýan LinkBuds Clip nauşniklerini çykardy

  • 24.01.2026 12:10
  • 3.3k+

Sony doly simsiz, gulakhalka dizaýnly LinkBuds Clip nauşnigini tanyşdyrdy. Açyk görnüşli nauşnik gulak kanalyny ýapmaýar we uzak wagtlyk dakynanyňda-da birahatlyk döretmeýär.

LinkBuds Clip gulaga jebis oturýar we daşyndan klips gulakhalka meňzeýär. Bu dizaýnyň özi-de, nauşnigi uzak günläp dakynyp ýörmek üçin gelşiklidir.
Täze modeliň bahasy 230 dollar we ol Sony-niň resmi web sahypasynda satyn almak üçin elýeterlidir.
Modelde üç iş režimi göz öňünde tutulan; standart, şowhunly gurşawlarda ses güýçlendirme we başgalary biynjalyk etmezlik üçin ses derejesini peseldip, ses syzmagyny azaltmak režimleri. Ulanyjylar şeýle hem 10 diapazonly ekwalaýzer arkaly sesi sazlap hem bilýärler.
Nauşnik telefonda gürleşilýan wagty gohy ýok etmek funksiýasyna-da eýedir. Sony, AI esasly algoritmleriň ulanylmagy sebäpli jaň wagtynda hem sesiň hiliniň ýokary derejede eşidilýändigini belleýär. Aýdym diňlenýän wagtynda daşarky sesleriň bloklanmaýandygyny-da bellemek gerek.
LinkBuds Clip-iň batareýasynyň bir gezek zarýadlanylanda dokuz sagada çenli ýetýär. Gapda üç minut zarýad bermek, goşmaça bir sagat ulanmak mümkinçiligini berýär. Zarýad beriji gap bilen birlikde, batareýanyň umumy ömri 37 sagada çenli ýetýär.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....