Chanel Koko Şaneliň willasynda surata düşürilen 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kampaniýasyny görkezdi

  • 24.01.2026 00:41
  • 3.5k+

Chanel 2026-njy ýylyň ýaz-tomus mahabat kampaniýasyny görkezdi. Bu kompaniýa moda öýüniň täze döredijilik direktory Matýe Blaziniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kampaniýadyr diýip, WWD habar berýär.

Surata düşürmek işleri Lazur kenarlaryndaky «La Pauza» willasynda geçirildi. Bu jaý bir wagtlar Koko Şanele degişli bolup, ýakynda gaýtadan dikeldildi. Kampaniýanyň suratlaryny Alek Sott düşürdi.
Kampaniýa Awar Odyang, Adista Berzenia, Bhawita Mandawa, Loli Bahiýa, Marta Freççiýa we beýleki modeller gatnaşýar. Suratlarda olaryň basgançaklardan aşak düşýänleri, willanyň içinde dynç alýan pursatlary we tebigatyň founda düşürilen suratlary görkezilýär. Şolaryň hatarynda zeýtun agajynda oturan modeliň suraty-da  bar.
Suratlarda Koko Şaneliň arhiw suratlaryna wizual salgylanma duýulýar.
Chanel bu kampaniýanyň Matýe Blazi bilen moda öýüň esaslandyryjysynyň mirasynyň arasyndaky söhbetiň dowamydygyny belleýär. 

11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....